Häzirki döwürde Türkmenistanda umumy bahasy 37 milliard amerikan
dollaryndan hem gowrak bolan 2,5 müňe golaý iri desganyň gurluşygy alnyp
barylýar. «Dünýäde dowam edýän çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, biz
ählumumy ykdysady çökgünligiň ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýetirýän täsirini
azaltmak boýunça uly işleri dowam etdirýäris» diýip, türkmen Lideri nygtady.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, býujet ulgamynyň durnukly
bolmagyny gazanmak, döwletiň çykdajylar boýunça borçnamalaryny ýerine
ýetirmegini netijeli dolandyrmak, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini
gowulandyrmak babatda zerur işleri amala aşyrýarys. «Türkmenistanyň
Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, şäher we oba ýerleriniň üpjünçilik
ulgamlaryny ösdürmek, ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek, ulag-
logistika üpjünçilik ulgamlaryny döretmek boýunça zerur işler alnyp barylýar.
Bellenilişi ýaly, Aşgabatda täze iri ýaşaýyş toplumlarynyň, Ahal welaýatynyň
edara ediş merkeziniň, şeýle hem ýurdumyzyň dürli sebitlerinde häzirki zaman
obalarynyňdyr şäherçeleriniň gurluşygy ýokary depginlerde dowam edýär.
Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli 30 desgany
ulanmaga bermek göz öňünde tutulypdy. Ýöne, mähriban halkymyzyň yhlasly we
tutanýerli zähmeti netijesinde, ýanwar — sentýabr aýlarynda 56 sany iri desga, şol
sanda umumy meýdany 509 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga
berildi.
Ýylyň ahyryna çenli ýene-de 14 sany iri desgany we ýaşaýyş jaý
toplumlarynyň birnäçesini ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.
Şu ýylyň 8 aýynyň jemleri boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen
deňeşdirilende, jemi içerki önümiň möçberi 6,2 göterim artdy. Bu bolsa
ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da berkeýändiginiň we öňde goýlan
wezipeleriň üstünlikli çözülýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
BAŞ SAHYPA: Täzelikler Türkmenistanda bahasy 37 milliard dollardan gowrak iri desgalaryň 2,5 müňe golaýy...
Türkmenistanda bahasy 37 milliard dollardan gowrak iri desgalaryň 2,5 müňe golaýy gurulýar
