13-nji oktýabrda “Ready4Trade Merkezi Aziýa” atly taslamanyň çäklerinde
Halkara söwda merkeziniň guramagynda täjirçilik diplomatiýasy we söwda
meseleleri bilen bagly gepleşikleri alyp barmak boýunça üç günlük okuw
maslahaty başlandy. Oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, beýleki
degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň hem-de Halkara söwda merkeziniň
wekilleri gatnaşdylar.
Bu okuw maslahaty diplomatlaryň täjirçilik işi bilen bagly amaly ugurlaryny,
söwda syýasatyny kesgitleýän, şol sanda gepleşikleriň strategiýasyny işläp düzýän
şahslaryň işini, şeýle hem “Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň
2020-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynа” laýyklykda ýurdumyzyň alyp barýan
söwda ulgamyndaky hereketlerini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berýär.
“Ready4Trade Merkezi Aziýa” taslamasy serhetara talaplarynyň aýdyňlygyny
ýokarlandyrmak, kadalaşdyryjy päsgelçilikleri aradan aýyrmak, söwda
standartlaryny berjaý etmek boýunça işewürlik mümkinçiliklerini berkitmek, şeýle
hem serhetara elektron söwdasyny kämilleşdirmek ýoly arkaly halkara we sebitiň
içindäki söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilendir.
BAŞ SAHYPA: Bilim we tehnologiýa Türkmenistanyň wekilleri «Ready4Trade Merkezi Aziýa» taslamasynyň okuw maslahatyna gatnaşýar
Türkmenistanyň wekilleri «Ready4Trade Merkezi Aziýa» taslamasynyň okuw maslahatyna gatnaşýar
