Grammy amerikan aýdym-saz baýragyna dalaşgärler 23-nji noýabrda yglan
ediler. Bu barada abraýly baýragy gowşurýan Milli sungat we grammafon
ýazgysynyň tehnikasy akademiýasynyň beýanyna salgylanyp, www.belta.by habar
berýär.
Grammy üçin dalaşgärleri saýlamaga gatnaşmaga 2020-nji ýylyň 1-nji
sentýabryndan şu ýylyň 30-njy sentýabryna çenli çykan kompozisiýalara ýa-da
albomlara rugsat berler. 22-nji oktýabrdan 5-nji noýabr aralygynda akademiýanyň
agzalarynyň gizlin ses berişliginiň birinji tapgyry geçiriler, onuň jemi boýunça 23-
nji noýabrda aýdym-saz baýragyna dalaşgärler yglan ediler.
2022-nji ýylyň 6-njy dekabryndan 5-nji ýanwary aralygynda gizlin ses
berişligiň ikinji tapgyry geçiriler. 31-nji ýanwarda Los-Anjelesdäki “Steýpls-
merkezi” toplumynda 64-nji baýrak gowşurylyş dabarasy bolar. Pandemiýa sebäpli
geçiriliş formaty üýtgedilen mundan öňki dabaradan tapawutlylykda, bu gezek
Grammy baýragynyň gowşurylyşy adaty görnüşde geçiriler.
Grammy baýragynyň ilkinji gowşurylyş dabarasy 1959-njy ýylyň 4-nji
maýynda geçirildi. Ol iki şäherde – Los-Anjelesde we Nýu-Ýorkda parallel geçdi.
Baýraklar geçen ýylyň aýdym-saz üstünlikleri üçin 20-den gowrak nominasiýada
gowşuryldy.