Apple özüniň iPhone 13 smartfonlaryny bary-ýogy mundan birnäçe gün ozal
tanyşdyrdy, emma eýýäm Internetde 2022-nji ýylda çykjak iPhone 14 tapgyry
hakynda giňişleýin maglumatlar peýda boldy. Bu barada pcnews.ru habar berdi.
Apple üpjünçilik zynjyrynyň maglumatçylarynyň aýtmagyna görä,
smartfonlaryň iň bolmanda birinde LTPS OLED ekrany bolar. Ekranyň täzeleniş
tizligi 60 Hz-den geçmez. Ol bu tapgyryň iň arzan modeli bolar.
Beýleki modeller barada aýdylanda bolsa, olarda 120Hz täzelenme tizligikli
LTPO paneli bolar. Ýadymyzda bolsa, iPhone 13 seriýasynda diňe “Pro” we “Pro
Max” modellerinde üýtgeýän täzeleniş tizligi 120Hz bolan LTPO displeýi bar.
Mundan başga-da, bu smartfonlar üçin ähli panelleri Samsung üpjün etdi. Soňky
habara görä, LG Apple-iň displeý üpjünçilik zynjyryna girer.