Barrett-Jackson auksionynyň çäginde adaty bolmadyk söwda amala aşyryldy:
1983-nji ýylda "Töwekgelçilikli gazanç" filminiň surata düşürilişine gatnaşan 42
ýaşly "Porsche 928" sport awtoulagy rekord baha bilen satyldy. Bu filmde baş
keşbi Tom Kruz janlandyrypdy diýip, car.ru habar berdi.
“Porsche 928” 1,98 million dollara satyldy. Munuň özi, auksion öýüniň
wekilleriniň berýän beýanatyna görä, "Porsche 928" üçin berlen iň ýokary baha
bolup durýar.
Bu model 79-njy ýylda ak reňkde çykaryldy. Şeýle-de bolsa, filmiň surata
düşürilmegi üçin ol reňklendi. Awtoulag hususy emläk bolup, ol uzak wagtlap
dolandyrylýan mikroklimat otagynda saklandy. Porsche 928 toplumlaýyn
abatlaýyş işleriniň netijesinde gaýtadan dikeldildi. Bu sport awtoulagy 4,5 litrlik
V8 hereketlendirijisi we bäş tizlikli mehaniki geçiriş bilen enjamlaşdyrylandyr.

Bagtygül AŞYRLYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 3-nji kurs talyby