Facebook bilen Ray-Ban-yň kiçi kamera oturdylan akylly äýnekleri ýewropa
düzgünleşdirijileriniň arasynda howsala döretdi. Hususan-da, Irlandiýanyň
Maglumatlary goramak boýunça komissiýasy (DPC) Facebook-dan wideo ýazgy
hakykatyny görkezýän indikatoryň daşdan aýdyň görünýändigini görkezmegi
tabşyrdy. IT-ägirdi täze gajetiň ulanylmagynyň ähli töwekgelçiliklerini
düşündirjekdigine wada berdi diýip, secretmag.ru belleýär.
TechCrunch portalynyň maglumatlaryna görä, Italiýanyň Garante
düzgünleşdirijisi hem Facebook-a şeýle nägileligi bildirdi, ýöne DPC
korporasiýanyň ýerli wekilhanasyna ýüz tutdy.
Düzgünleşdirijiler adamlaryň wideo ýazgy edilýändigini aňşyryp
bilmejekdigini, sebäbi akylly äýnekdäki indikatoryň örän kiçidigini bellediler. Şol
bir wagtyň özünde hünärmenler Facebook-yň gizlinligiň bozulmagynyň bolup
biljek töwekgelçiliklerine baha berýän meýdan gözlegleriniň netijelerini neşir
etmändigini bellediler.
“Biz adamlara täze tehnologiýanyň nähili işleýändigine we olarda haýsy
gözegçilik mehanizmleriniň bardygyna düşünmäge kömek etmek üçin dürli
ýurtlardan döwlet hyzmatdaşlary, şol sanda DPC bilen işleşmegimizi dowam
etdireris” – diýip, Facebook-yň wekili aýtdy.
Facebook bilen Ray-Ban-yň akylly äýnekleri 2021-nji ýylyň sentýabr aýynyň
başynda çykdy. Bu äýnekleriň jaňlara jogap bermek, surata we wideo düşürmek,
soňra mazmuny sosial ulgamlara ibermek ýaly funksiýalary bar. Olarda 5 Mp
kameralary oturdylan. Kamera ses buýrugynyň kömegi bilen ýakylýar. Mundan
başga-da, äýneklerde dinamika we mikrofon bar. Äýnegiň eýesi aýdym-saz diňläp,
jaňlary kabul edip bilýär. Toplumda onuň ýanynda gajetiň ömrüni goşmaça üç gün
uzaldýan ykjam zarýad daşlygy bar.
Begmyrat ANNAMYRADOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 3-nji kurs talyby