Ispaniýanyň syýahatçylyk ministri Reýs Marot Kanar adalarynda wulkanyň
atylmagyny peýdaly tarapdan ulanmagy teklip etdi. Bu barada BFM habar berdi.
Ministr La Palma adasyndaky wulkan atylmagyny syýahatçylar üçin
attraksiona öwürmegi teklip edeninden soň ýeterlik derejede tankyt edildi. Ol bu
wulkan atylmasyny "ajaýyp tebigy tomaşa" diýip atlandyrdy. Ispaniýanyň habar
beriş serişdeleri bolsa oňa wulkanyň 100 töweregi jaýy ýykandygyny we 5500
adamy ewakuasiýa etmäge mejbur edendigini ýatlatdy.
Nýu-Ýorka – Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasyna (BMG)
gitmeli bolup duran premýer-ministr Pedro Sançes wulkanyň atylmasy we
jemgyýetçilik nägileligi sebäpli ewakuasiýa ýakyndan gözegçilik etmek üçin
saparyny yza süýşürdi. Häzirki wagtda ewakuasiýa işlerine ýüzlerçe polisiýa işgäri
we harbylar gatnaşýarlar.
Ýokarda hem bellenilişi ýaly, lawa akymlary Ispaniýanyň Palma adasynda
100 töweregi jaýy ýykdy. Olar sagatda, takmynan, 700 metr tizlik bilen kenara
tarap hereket edýärler. Wakanyň netijesinde şu wagta çenli hiç kim ýaralanmady
we Kanar howa menzilleriniň hemmesi kadaly işleýär diýip, çeşme habar berýär.