Mundan bir aý öň Fransiýanyň “L'Equipe” gazeti 2021-nji ýylyň "Altyn top"
baýragynyň giç hem bolsa gowşuryljakdygyny mälim etdi. Onuň gowşurylyş
dabarasy şu ýylyň 5-nji dekabrynda Parižde geçiriler diýip, championat.com habar
berdi.
Şol gün, France Football taryhda ilkinji gezek birbada iki baýrak gowşurar.
Netijede, 2020-nji ýylyň “Altyn top” baýragy öz ýeňijisini tapar. Baýragy
"Bawariýanyň" hem-de Polşanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Robert
Lewandowskiniň almagyna garaşylýar.
Geçen ýyl “Bawariýanyň” hüjümçisi Germaniýanyň çempiony, Çempionlar
ligasynyň, Klublaýyn dünýä çempionatynyň ýeňijisi, UEFA-nyň Super kubogynyň
eýesi boldy we Germaniýanyň kubogyny hem-de Super kubogyny aldy. Mundan
başga-da, ol 2019/2020-nji ýyldaky Çempionlar ligasynyň iň köp gol geçiren
oýunçysy boldy (15 gol), Germaniýanyň çempionatynyň 2019/2020 möwsüminde
34 gol geçirip, köp sanly neşirler tarapyndan ýylyň oýunçysy saýlandy. Robert bu
ýylky baýragy alsa, ilkinji polşaly we şeýle üstünlige ýeten dördünji "Bawariýaly"
oýunçy bolar. Ondan öň mýunhenli klubuň futbolçylaryndan Gerd Müller, Franz
Bekkenbauer (2) we Karl-Heinz Rummenigge (2) “Altyn top” alypdy.