Dünýäniň smartfon bazarynda öndürijileriň reýtinginde üýtgeşmeler bolup
geçdi. ABŞ-nyň sanksiýalaryna sezewar bolan meşhur Huawei bazaryň TOP-6
öňdebaryjylarynyň hataryndan çykdy we onuň ýerini realme eýeledi. Bu barada
ferra.ru habar berdi.
“Realme” markasy 2018-nji ýylda satuwa çykarylypdy we şol wagtlar ol
“Oppo Real” diýlip bilinýärdi. Soňra realme smartfonlary ýuwaş-ýuwaşdan Oppo-
dan garaşsyz ösüp başlady we iki markanyň arasynda düýbünden meňzeş modeller
indi öndürilmeýär.
Ilkibaşda realme hindi bazarynda giňden ýaýrady we şol ýerde ol arzan
bahaly Xiaomi Redmi bilen bäsleşmäge başlady. 2018-nji ýylyň üçünji
çärýeginden 2021-nji ýylyň ikinji çärýegine çenli ol 15 million sany smartfonlary
we beýleki enjamlary üpjünçilige iberdi. Bu döwürde onuň ösüşi 135,1% boldy.
Häzirki wagtda realme 60 ýurduň bazaryna girdi we olaryň 20-sinde ilkinji
bäşlige girmegi başardy. Hususan-da, 2021-nji ýylyň ikinji çärýeginde bu marka
Filippinlerde we Bangladeşde birinji, Russiýada üçünji, Hindistanda dördünji we
Ýewropada bäşinji orny eýeledi. Bu, hususan-da, Huawei-iň öz ornuny realme
bilen çalşyp, bazardan çykmagyna täsir etdi.