Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” klubunyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu
“Forbes” žurnalynyň wersiýasy boýunça dünýäniň iň ýokary hak alýan futbolçysy
boldy. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.
Neşiriň maglumatlaryna görä, Ronaldu 2021/22-möwsüminde 125 million
dollar gazanar, şolardan 70 million dollar onuň aýlyk haky bolar, 55 milliony ol
mahabat girdejisi hökmünde alar. Ronaldu Turiniň “Ýuwentusyndan” “Mançester
Ýunaýtede” awgust aýynda geçdi. Geçen möwsümde 36 ýaşly portugaliýaly
oýunçy A seriýasynyň we Ýewropa çempionatynyň iň gowy bombardiri boldy.
Soňky üç ýylda reýtingiň lideri şu tomus “Barselonadan” giden, erkin agent
bolup, “Pari Sen-Žermeniň” düzümine goşulan Lionel Messi bolupdy. Messiniň
girdejisi şu möwsüm 110 million dollar (75+35) bolar.
Reýtingiň liderleriniň üçlügini “PSŽ-niň” braziliýaly oýunçysy Neýmar (95
mln dollar: 75+20) jemleýär. Dördünji orunda hem “PSŽ-niň” wekili fransiýaly
Kilian Mbappe (43 mln dollar: 28+15) ýerleşdi.
“Forbes” klublar, oýunçylaryň agentleri, täjirçilik hemaýatkärleri we
dünýäniň futbol hünärmenleri bilen gürleşmek arkaly dünýäniň iň ýokary hak
alýan futbolçylarynyň sanawyny düzdi. Ähli sanlar 2021/22-möwsümi üçin aýlyk
töleglerini (salgytdan öň), bonuslary we höweslendirmeleri öz içine alýar.
Kristianu Ronaldu şu möwsümde iň ýokary hak alýan oýunçy boldy
