Uzak ýoldan gelen derwüşleriň biri Abdylla ibn Mübärek Merweziniň
howlusynda düşläpdir. Iki sany ylym gory ulama dünýä, durmuş, ýaşaýyş, syrly
ylymlar hakda uzak-uzak söhbete gümra bolupdyrlar. Jahankeşde derwüş gören-
eşiden täsin gürrüňlerinden dür saçsa, Abdylla ibn Mübärek halypalaryndan
alan öwdi hakda gürrüň beripdir. Iki ägirdiň söhbediniň soňy ylym we onuň
gadyryny bilmeklige syrygypdyr. Söhbediň arasynda bular birek-birekden
özlerini has geň galdyrýan zatlar hakda sorapdyrlar. Derwüş: «Men adamlara
geň galýaryn, olar dünýä mülküne eýe bolsam diýýärler, emma şeýle mülke eýe
bolmak we ony eliňde saklamak üçin ylmyň zerurdygyna welin pisint
etmeýärler. Ylym – ähli ýoluň açary, hazynalaryň salgysy, hatda ýerlikli ylym
arkaly ýönekeý zady hem altyna öwrüp bolýar» diýipdir. Abdylla hezretleri
derwüşiň bu sözüni makullap: «Hak aýdýarsyň, ylym bir nur. Ol bize gerekli we
ähmiýetli zatlaryň nirededigini görkezip duran ýagtylyk. Dünýä tümlüge
bürenende hem ýene şol ýagtylyk ýol görkezýär. Ýöne, meni geň galdyrýan zat,
adamlaryň aglabasynyň şol ýagtylyga tarap owsun atmaýandygy. Ylmy bilen
ähli zatda ýokarda bolmaly halyna, mör-möjeklerden hem pese düşüşine geň
galýaryn. Hatda hiç hili akyly ýok çybyn-çirkeýlerdir mör-möjekler hem
ýagtylyga tarap dyzaýar, ylmyň gadyryny bilmeýänler bolsa munuň tersine»
diýip jogap beripdir.

Taýýarlan: Döwletmyrat Tejenow,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň Maliýe fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.