Alymlar hozuň garrylar üçin peýdalaryny anyklaýan gözleg işlerini geçirdiler.
Bu barada degişli ylmy işe salgylanyp, Food.News neşiri habar berdi. Gözlegiň
çäginde hünärmenleriň 50 ýaşdan 60 ýaş aralygyndaky, 34 müň aýal maşgalalaryň,
iýmitleniş düzgüninden başlap, fiziki ýagdaýy we ýatkeşligini birnäçe ähli
taraplaýyn i seljeriş işleri geçirilendigi mälimdir. Mundan başga-da, barlagdan
geçenlerde, hroniki keselleriň barlygy ýa-da ýoklugy barlandy we dört ýyllap
saglyk ýagdaýyna gözegçilik edildi.
Netijede, hepdede azyndan iki porsiýa hoz iýen, uly ýaşly gatnaşyjylaryň, hoz
iýmedik ýa-da az mukdarda iýenlere garanyňda, saglyk ýagdaýynyň has gowudygy
anyklandy. Gözlegçiler, hozlar, öz düzüminiň aýratynlygy sebäpli garramak
prisesini haýallaşdyrýar diýip hasaplaýarlar – olaryň düzümi, omega-3 ýag
kislotalaryna baýdyr.