22-nji oktýabrda Er-Riýad şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler
ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň wekilleriniň hem-de Saud
Arabystany Patyşalygynyň Şazada Saud Аl Faýsal adyndaky diplomatiýany
öwreniş institutynyň hünärmenleriniň arasynda tegelek stol geçirildi. Bu barada
Türkmenistanyň Daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Tegelek stola Şazada Saud Аl Faýsal adyndaky diplomatiýany öwreniş
institutynyň Baş direktory we akademiki düzümi, şeýle hem Türkmenistanyň DIM-
niň Halkara gatnaşyklary institutynyň ylmy wekillerinden düzülen türkmen
wekiliýeti gatnaşdy. 
Saud tarapynyň başlangyjy boýunça geçirilen ylmy çäräniň barşynda iki
ýurduň wekilleri iki döwletiň syýasy hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlarynda
özarahereketlerini ara alyp maslahatlaşdylar. Häzirki döwrüň derwaýys talaplaryna
laýyk gelýän ýokary hünär derejeli halkaraçy-hünärmenleri we diplomatlary
taýýarlamak ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň has giňledilmeginiň aýratyn ähmiýeti
bellenilip geçildi.