Moskwa Döwlet Uniwersitetiniň Mehanika gözleg institutynyň inženerleri,
Boston Dynamics kompaniýasynyň döreden, Spot atly robotuna meňzeş, ýöreýän
robot ýasadylar. Bu Russiýada öndürilen, şular ýaly, ilkinji enjam.
MGU web sahypasynyň habaryna görä, rus inženerlerine, bu roboty noldan
başlap, proektini çykmak we döretmek üçin iki ýyl gerek boldy. Olar degişli
mehanikany, herekete getirijileri, elektronikany we programma üpjünçiligini
döretdiler. Robot, eýýäm ilkinji ädimlerini, Moskwa uniwersitetiniň çäginde amala
aşyrdy. Häzirki wagtda kinematika we programma üpjünçiliginiň üstünde
gutarnykly işlenilýär. Ýöne ýakyn wagtda robot-it, robottehnikalary bilen
meşgullanýan ylmy toparlar üçin elýeterli bolar.
Enjamyň agramy 15 kilogram. Herekete getirijileriň umumy güýji üç
kilowatdan gowrak. Korpusyň elementleri,3D çap etmek arkaly döredildi.