Mary welaýatynyň ekerançylary güýzlük bugdaý ekişini üstünlikli
tamamladylar. Welaýat boýunça ekiş geçirilen 170 müň gektar meýdandan 345
müň tonna hasyl almak meýilleşdirilýär.
Häzirki güne çenli ekiş geçirilen meýdanlaryň aglaba böleginde eýýäm
gögeriş alyndy hem-de olara ideg etmek işleri ýaýbaňlandyryldy. Ekerançylar
ilkinji ösüş suwuny bermäge hem-de mineral dökünler bilen iýmitlendirmäge
guramaçylykly girişdiler. Şunda ekin meýdanlaryny haşal otlardan arassalamak
işlerine aýratyn üns berilýär.
Welaýatlaryň üçüsinde eýýäm bugdaýyň geljekki hasylynyň binýadyny
goýmak boýunça örän möhüm oba hojalyk möwsüminiň ilkinji tapgyry üstünlikli
tamamlandy.
Selim Ýolow
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby.

RU



