1-nji noýabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary hem-de paýtagtymyzyň we
welaýatlaryň häkimleri bilen sanly ulgam arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi.
Onda ýurdumyzyň sebitlerini hem-de paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmek, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, ählihalk bag ekmek
dabarasyna hem-de öňde boljak şanly senelere görülýän taýýarlyk işleri ara alnyp
maslahatlaşyldy.
Aşgabat şäheriniň häkimi paýtagtymyzdaky işleriň ýagdaýy, arassaçylyk
kadalaryny berjaý etmek hem-de ýurdumyzyň baş şäherini mundan beýläk-de
abadanlaşdyrmak boýunça geçirilýän çäreler, dürli maksatly desgalarda alnyp
barylýan gurluşyk işleriniň depgini, gyş möwsümine görülýän taýýarlyk barada
hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan
ähli işleriň ýokary hil derejesinde hem-de estetik we ekologik talaplaryň göz
öňünde tutulyp, toplumlaýyn esasda amala aşyrylmalydygyny belledi.
Soňra hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyny
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän
orunbasary E.Orazgeldiýew hem-de welaýatlaryň häkimleri bilen dowam etdi.
Welaýat häkimlerine 6-njy noýabrda sebitde güýzki bag ekmek möwsüminde
göz öňünde tutulan bag ekmek dabarasyna öz wagtynda taýýarlyk görmek barada
degişli tabşyryklar berildi.
Yhlas Döwranow
Türkmen döwlet-binagärlik gurluşyk
institutynyň 2-nji ýyl talyby.