29-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen bölegini ulanmaga bermek dabarasyna gatnaşdy.
“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän şu ýylyň bu wakasy üstaşyr ulag geçelgelerini döretmegiň hem-de ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynda hususy ulgamyň ornunyň artmagynyň, sebit we ählumumy multimodal gatnawlar ulgamyna goşulyşmagynyň hasabyna, ata Watanymyzyň geoykdysady kuwwatyndan doly peýdalanmak babatda döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr.
Bu ýol ýurdumyzyň logistika ulgamyny, işewürligi hem-de türkmen döwletiniň tutuş halkara gatnaşyklar ulgamyny diwersifikasiýalaşdyrmak bilen bagly wezipeleri çözmekde uly ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulag-kommunikasiýa ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň netijeli häsiýete eýedigini bellemek gerek.
Merkezi Aziýa we Hazar sebitlerine Ýewraziýa giňişliginde strategik durnuklylygyň möhüm merkezi, Türkmenistana bolsa gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň ählisi üçin ygtybarly hyzmatdaş we yklymara ähmiýetli üstaşyr ulag merkezi hökmünde garamak milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasy strategiýasynyň esasyny düzýär. Ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýoly hem bu multimodal logistika ulgamynyň möhüm bölegi bolar.
Şirmuhammet Batyrow
Türkmen döwlet-binagärlik gurluşyk
institutynyň 2-nji ýyl talyby.