Ford awtomobil konserniniň wekilleri täze awtomobiller üçin taryhy model
atlaryny gaýtadan dikeltmegi meýilleşdirýändiklerini resmi taýdan habar berdiler.
Konserniň wekilleriniň pikiriçe, Puma we Mustang ýaly öňki ýyllaryň meşhur
atlary täze ulag serişdelerini “emosional taýdan janlandyryp”, olary dünýä
bazarynda isleg bildirilýän modeller edip biler. Ýakyn wagtda işläp düzüjiler
düýbünden täze üç modeli hödürlär, olaryň her biri özleriniň meşhur “ata-
babalaryndan” at miras alar. Bu barada car.ru habar berýär.
Köne ulaglardan täze modeller diňe ada eýe bolarlar, olaryň işläp düzülmegi
we çykarylmagy üçin bolsa düýbünden täze tehnologiýalar ulanylar.
Häzirki wagtda Ford bir wagtlar meşhur bolan birnäçe söwda atlaryny
janlandyrmaga ýetişdi. Mysal üçin, şu tomus ykjam Maverick pikapy hödürlendi.
Şeýle ada 1970-nji ýyllarda kiçiräk Ford sedanlary we yzky herekete getirijili
kupeler eýe bolupdy. Mundan başga-da, şu ýyl awtoöndüriji ýolsuz ýerlerden
ýöremäge ukyply bolan Bronco modelini satyp başlady. Ondan öňdäki model
1966-njy ýyldan 1996-njy ýyllar aralygynda konweýerden çykdy. 2019-njy ýylda
kompaniýa kiçi Puma parketnigini tanyşdyrdy. 1990-njy ýyllarda şeýle ady Fiesta
esaslanýan ykjam kupe göterýärdi.
Ýeri gelende belläp geçsek, täze modeller üçin köne ulaglaryň atlaryny
janlandyrmak hakyky trende öwrüldi.
Meselem, Nissan Z sportkaryny täzeden dikeltdi, Lamborghini bolsa
müşderilere Countach superkarynyň täze görnüşini hödürledi. Renault hem
geljekki elektrokarlar üçin nusgawy atlary ulanmagy meýilleşdirýär.
Oguldolan HYDYROWA,