Britaniýanyň “AutoExpress” neşiri bazardaky iň ygtybarly awtomobilleriň
ýyllyk reýtingini neşir etdi. 2021-nji ýylda SUV segmentinde Skoda Kodiaq
krossoweri lider boldy. Müşderiler ulagyň döwrebap interýerine, ýokary hilli
ýygnalyşyna we hereketlendirijileriň giň toplumyna ýokary baha berdiler. Bu
barada www.m.njcar.ru habar berýär.
Reýtingde ikinji orny Hyundai Cona, üçünji orny Mazda CX-5 eýeledi. Soňky
model satyn alyjylarda stile laýyk dizaýny, gowy dolandyrylýandygy we amatly
interýeri bilen gyzyklanma döretdi.
Dördünji orunda ýokary baha alan ýeke-täk premium wekili Lexus NX
ýerleşdi. Iň gowy awtomobilleriň bäşligini Volkswagen T-Roc jemledi. Altynjy
orny bolsa Skoda Karoq eýeledi. Iň ygtybarly krossowerleriň onlugyna Peugeot
2008, Volvo XC40, Toyota C-HR we Toyota RAV4 hem girdi.
“AutoExpress” reýtingi ulag serişdeleriniň eýelerinden pikir soraşma
esasynda düzüldi. Müşderilere hususy ulaglaryny on ölçeg boýunça
bahalandyrmak teklip edildi, bu ölçeglere ygtybarlylyk, amatlylyk, dolandyryjylyk
we kuwwatlylyk ýaly häsiýetler degişli. Ýöne britan kompaniýasy pikir soraşma
gatnaşanlaryň sany barada habar bermedi.