Her ýyl müňlerçe syýahatçyny kabul edýän Argentinanyň Çubut
welaýaty, ähli goralýan territoriýasyny we goraghanalarynyň, gün
energiýasyna geçirmek isleýär diýip, welaýatyň tebigaty goramak
ministriniň orunbasary Serhio Kasin RIA Nowosti habar gullugyna habar
berdi.
Çubut – kitleri golaýdan görüp bolýan, deňiz arslanlaryny awlaýan
kitleri yzarlap bolýan, iki ädim uzaklykdan pingwinleriň durmuşyny
synlap bolýan ýeke-täk ýerdir. Şol sebäpden, bu ýerde arassa energiýany
ulanmak meselesi gaty ýiti.
Kasin, goraghana zolagynyň şäherlerden ep esli uzakda
ýerleşýändigini, şonuň üçin elektrik liniýalaryny çekip bolmaýandygyny
düşündirdi.
"Bu ideýa goralýan territoriýalatda ulanylýan, ähli energiýanyň gün
energiýasy bolmaly"diýip, Kasin gürrüň berdi.