2022-nji ýyldan başlap, Fransiýada, miweleriň we gök önümleriň köp bölegi,
plastik gaplarda satylmagyny bes eder diýip, "Ýewropuls" habar berýär.
Hususan-da, baklajan, poreý sogany, pomidor, alma, banan, apelsin ýaly gök
önümler plastik konteýnerlerden we polietilen torbalardan "azat edildi". Jemi miwe
we gök önümleriň 30 görnüşi.
Bu täze çäre – plastik galyndylara garşy göreşmek boýunça Ýewropa
strategiýasynyň bir bölegidigir we her ýyl şeýle galyndylaryň mukdaryny, bir
million birlik azaldylmaly diýip, çak edilýär.
2030-njy ýyla çenli, ES -de şeýle gaplamalaryň hemmesi gaýtadan işlener ýa-
da birnäçe gezek ulanylar.
2021-nji ýyldan başlap, Fransiýada plastik sypallar, käseler we gap-gaçlar
satylmagyny bes etdi. Ýöne miweler we gök önümler sintetiki gatlak bilen
örtülmegini dowam etdirýärdi.