Ýakyn wagtda Ilon Maskyň baýlygy 300 milliard dollardan geçendigi mälim
boldy. Bu ony Forbes sanawynyň tutuş taryhynda dünýäniň iň baý adamy etdi.
Bu pul köp sanly taslamany durmuşa geçirmek üçin ýeterlikdir. Şeýle
taslamalaryň biri barada Mask gürrüň berdi. Hemişe bolşy ýaly, ol muny
Twitterdäki täze ýazgysy arkaly amala aşyrdy.
Milliarder durmuşa geçirmek isleýän başlangyçlarynyň biri, ýagny özüne
degişli ýokary okuw jaýyny açmak diýip gürrüň berdi. Ol Tehasda ýerleşer – Tehas
telekeçiniň göçüp gelen ýeri we ýakyn wagtda Tesla topary hem ol ýere geler.
Mundan başga-da, Mask uniwersitetiň adynyň nähili atlandyryljakdygyny
aýtdy. SpaceX kompaniýasyny esaslandyryjynyň, meýilnamalaryna laýyklykda bu
ýokary okuw jaýy “Tehasyň tehnologiýa we ylym instituty” diýip atlandyrylar.
Häzirlikçe ol bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi barada jikme-jik maglumat
bermedi.
Ilon Mask uniwersitetiň düýbüni tutmak isledi
