Hazaryň türkmen kenarynda her ýyl on bäş müňe golaý gyzylinjik gyşlaýar.
Oktýabryň ikinji ýarymynda gyzylinjikler köpçülikleýin geldiler.
Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen we Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň
nyşany bolan bu guşlar bu ýere ilkinjiler bolup geldiler.
Sentýabryň ortasyndan Hazaryň çöllük kenarlaryna garlawaç, gamyşguşy,
siňekçi, çürlentgi ýaly mör-möjekler bilen iýmitlenýän guşlar gelýär. Bu guşlar
sürüsi gündogara –Pars aýlagynyň maýyl kenarlaryna, Afrika tokaýlaryna we
sawannalara gidýärler. Olaryň yzysüre çuluklar sürüsi gelýär. Deňiz kenarynyň
ýalpak ýerlerinde çuluklaryň käbiri balykgulakdyr uşak leňňeçleri çöpläp, köp
eglenýärler. Buzly ummanyň kenarynda höwürtgeläp, Afrikanyň gündogarynda
gyşlaýan daşdörüjiler Hazaryň eteginde düşläp, güýç toplaýarlar. Oktýabrda
Hazaryň günorta-gündogar kenaryna ördekleriň dürli görnüşi, gyzylinjikler,
hokgarlar, sakarbaraklar, çarlaklar gelýär. Guşlaryň millionlarçasynyň sesi gyşyň
aglaba böleginde ýaňlanýar.
Noýabrda demirgazykdan soňky myhmanlar: gazlar, kaşykburunlar we
leglekler gelýärler. Kenar ýakasyndan gyş aýlary gazlaryň, suwçy bürgütleriň,
ördekleriň sesleri eşidilip dur.
Gyzylinjikler Hazaryň türkmen kenaryna gyşlamaga geldiler

RU












