Glazgo şäherinde Şotlandiýanyň maslahatlar merkezinde BMG-niň Howanyň
üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 26-njy
maslahatyna (COP26) Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar
Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy. Wise-premýer
forumda türkmen tarapynyň howanyň üýtgemeginiň täsirlerine uýgunlaşmak hem-
de onuň ýaramaz täsirlerini peseltmek meselelerinde halkara jemgyýetçiligiň
tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen birnäçe anyk başlangyçlar bilen çykyş
etdi.
Konwensiýanyň teklibine hem-de onuň Pariž şertnamasyndaky
borçnamalaryna esaslanyp, Türkmenistan howanyň üýtgemegi babatynda amaly
tagallalary edýär:
birinjiden, ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda häzirki zaman tehnologiýalarynyň
ornaşdyrylmagy bilen, bug gazlarynyň zyňyndylary azalýar;
ikinjiden, Howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýa, 2030-njy ýyla çenli
gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek boýunça Milli strategiýa hem-de
Türkmenistanyň “Täzelenýän energiýa çeşmeleri hakynda” täze Kanuny kabul
edildi;
üçünjiden, Türkmenistanda her ýyl millionlarça agaç nahallary oturdylýar.
2020-nji ýylda Türkmenistanyň “gök guşagyny” 25 million nahal artdyrdy, 2021-
nji ýylda bolsa 30 million nahalyň ekilmegi meýilleşdirildi;
dördünjiden, Pariž howa şertnamasy boýunça borçnamalary ýerine ýetirmegiň
çäklerinde Türkmenistanyň milli kesgitlenen goşandy (MKG/NDC) taýýarlanyldy.
Onda teklip edilen borçnamalar, bug gazynyň zyňyndylaryny peseltmek we
ykdysadyýetiň esasy pudaklaryndaky meseleleri 2030-njy ýyla çenli çözmek
baradaky ägirt uly maksadynyň tassyklanmagynyň subutnamasydyr.
Türkmenistan howanyň üýtgemegi boýunça COP26 maslahatyna gatnaşdy
