Türkmenistan 2021-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda Özbegistana 126,8 million litr benzin eksport etdi. Bu barada Özbegistanyň Döwlet statistika komiteti habar berdi. Umuman, şu ýylyň ilkinji dokuz aýynda Özbegistan 289 million litrden gowrak benzin import etdi. Bu ýangyçlaryň umumy bahasy 104 million ABŞ dollaryna barabar boldy.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan Özbegistana awtomobil benzinini eksport etmekde ikinji orunda durýar. Bellenilen döwürde satyn alnan awtobenziniň umumy möçberiniň 34%-i türkmen benzininiň paýyna düşýär.

Bu babatda birinji orun Russiýa degişlidir (140,5 million litr). Umumy möçberiň 48,6%-ine barabar.

Özbegistana ýangyç eksport eden döwletleriň hataryna Türkmenistandan soňra Gazagystan (16 million litr) we Yrak (3,6 million litr) girýär.

Şeýlelik bilen, benziniň importy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 137 litr ýokarlandy.