Eýranyň, Russiýanyň, Hindistanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Türkmenistanyň Milli Howpsuzlyk Geňeşleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda Owganystandaky häzirki ýagdaýy gözden geçirmeklik üçin Sebitleýin howpsuzlyk gepleşikleriniň üçünji ýygnagy başlandy.
Eýranyň ISNA habarlar gullugynyň habaryna görä, bu ýygnakda sebitdäki soňky howpsuzlyk wakalary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Sebitleýin howpsuzlyk gepleşikleriniň ýygnagyny geçirmeklik başlangyjy Eýran Yslam Respublikasy tarapyndan öňe sürüldi. 2018-nji ýylda Sebitleýin howpsuzlyk gepleşikleriniň ilkinji ýygnagy Tähranda owgan batymy (krizisi) bilen baglanyşykly meselelere garamaklyk maksady bilen geçirildi.

RU












