Türkmenistanyň Gurluşyk we Binagärlik ministrligi tarapyndan neşir edilýän jurnalynyň “Beýik miras hakynda söhbet” atly rubrikasy astynda berilýän makalalaryň içinde Hormatly Prezidentimiziň Türkmenleriň Gurluşyk we Binagärlik sungatyndan söz açýan täsin makalalar yzygiderli ýerleşdirlýär. Milli liderimiziň “Türkmenistan Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitaby hakyndaky makallar hem jurnalyň bu rubrikasynda häli- şindi özüniň abraýly ornuny tapýar.Türkmen halkynyň gadymdan gelýän Binagärlik sungatyndan söz açýan bu rubrikada ata- baba binagärlik sungatynda hormat goýlandygy anyk aýdyň gözbaşyny tapýar. Çünki Dehistan, Horezm, Horasan ýaly taryhy nokatlar beýik miras hakda söhbet açmaga mynasyp ýerlerdigini subut edýär. Türkmen Döwlet Binagärlik Gurluşyk Institutynyň talyplary hem Hormatly Prezidentimiziň Binägrlik sungaty hakda aýdanlaryndan ugur alyp, öz topragymyzda ýerleşýän gadymy ýadygärlikleriň syrlaryny içgin öwrenmäge çalyşýarlar.

Işangulyýew Söhbet

TDBGI- niň talyby