Türkmen topragynyň syrly dünýäsi baryp- ha gadymy döwürlerden bäri
bellidir. Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistan – ýüpek ýolunyň ýüregidir”
atly kitabynda hem bu barada nygtalýar.

Binagärlik hem- de arhitektura aýratynlygy bolan bu topraklaryň üstünden
nijeme taryhy asyrlar geçen bolsa- da häzirki güne çenli Merw dünýä
alymlarynda gyzyklanma döredýär.
Türkmen halky öz taryhy kökleri bilen dünýäniň bäşilenji siwilizasyýasynda ýer
alan halk.Her bir halkyň düýp köki kemala gelmezden öň ol halk edil daragtyň
toprakdan nem alşy kibi nemlenýär. Şol iýmitem ýere çuňňur kökleri uran
daragty kemala getirýär.
Belli bir ýer zolagyny,kontinentleri ,bölekleri kemala getirýän kowumlar ýeriň
ýüzünde näçe irden bäri ýaşap başlan bolsalar,olar şonça-da gadymy halklary
emele getirýär. Merw böleginde, ýagny Baktriýada ýaşaýan halklaryň düýp köki-
de dünýäniň bäşinji siwilizasiýasyny düzýän medeniýetleri özünde saklaýar.
Türkmenistanyň Bitaraplygy bilen baglanşykly Merw- Baktriýa bölegini
öwrenmek üçin gelen alymlaryň ýüzlerçesi munuň şeýledigini subut etdi. Bu
günki gün Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda ýerleşýän şeýle
taryhy ýerleriň arhitektura aýratynlygy we tapyndylaryň gymmatlygyny içgin
öwrenmek meselelerine gaýtadan dolanmak üçin alymlar tarapyndan işler alnyp
barylýar.
Halkara Bitaraplygymyzyň taryhy topragymyzy öwrenmekde belli bahasynyň
ýoklugy mälimdir.
Hut şu nukdaýnazardan Hormatly Arkadgymyzyň saýasynda Türkmen halky öz
taryhynyň çuňňur köklerine, türkmen topragynyň syrly dünýäsine aralaşýar.

Orazmuhammet Remezanow
TDBGI-nyň talyby