Pragada alty müň sany zibil taşlanýan konteýnerleri "akylly" datçikler bilen
enjamlaşdyrylar, diýip"Ýewropuls" habar berýär.
Mehanizmler konteýnerleriň dolanlygy baradaky maglumatlary şäher
hyzmatlaryna iberer we zibil awtoulaglarynyň işine kömek eder. Şeýlelik bilen,
awtoulaglar diňe zerur bolan ýagdaýynda gelip bilerler we şoňa görä-de çykýan
gazlaryny mukdary agzalar.
Şäherde, bu"akylly" datçikler tehnalogiýasyny 2019-njy ýylda synagdan
geçirip başladylar. Şol döwürde Çehiýanyň paýtagtynda 450 konteýner
döwrebaplaşdyryldy. Uçarman synaglary şeýle modeliň täsirliligini görkezdi we
hut şol sebäpden şäher taslamany giňeltmek kararyna geldi.
Bu başlangyç, 2030-njy ýyla çenli parnik gazlaryny 45 göterim azaltmak
baradaky ägirt uly maksadyna ýetmäge kömek eder. Munuň üçin şäherde
welosipedlerde ýöremek mugt edildi.
Meýlismyrat DÖWRANMYRADOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 1-nji ýyl talyby