Egerde kösükliler maşgalasyna degişli bu ösümligi kesgitli mukdarda iýilse,
ýürek-damar ulgamyna oňyn täsir edýändigi ýüze çykdy. Munuň birinji sebäbi,
onuň düzüminde sagdyn ýaglaryň köp bolmagy bilen baglanyşyklydyr.
Ýöne bulardan başga-da, arahisda magniý, kletçatka ýaly beýleki peýdaly
maddalaryň "ammaryny" tapyp bilersiňiz. Şol bir wagtyň özünde, onuň düzüminde
ýürege zyýan berýän trans ýaglary ýok.
Saglyga zyýan bermeýän "çäkli mukdar" hökmünde 20 sany däne hasaplanýar
Arahis nerw ulgamyny rahatlandyrýar, ukusyzlygy aradan aýyrýar, içege
oňyn täsir edýär, uzak wagtlap dowam eden kesellerden soň myşsalary berkitmäge
kömek edýär we bedeni dikeldýär.

Jepbarow Sähetmyrat
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 112-nji toparynyň talyby