Hünärmeniň sözlerine görä, günüň ilkinji sagdyn iýmitiniň esasy düzüm
bölekleri däne, ýumurtga we süýt önümleri bolup durýar.
Adaty ertirlik nahary – süle ýa-da gowy belokly ýumurtgadan taýýarlanan
tagamlar, fosfolipidler ýa-da fermentlenen süýt içgileridir. Egerde ertirlik
taýýarlamak üçin wagt ýok bolsa, iň aňsat usul fermentlenen süýt içgisine , üç-dört
nahar çemçesi mýusli garyp iýmekdir.
Lukman, şeýle hem, adam ertirlik naharyny dogry iýýän bolsa, gündizine
açlykdan ýa-da aşa iýmitlenmekden halasdyr, şol bir wagtyň özünde işjeňligiň
ýokarlanmagy bilen birlikde şähdi açyklygyň saklanýandygyna ünsi çekdi.
Öz gezeginde aýtsak, ertirlik nahary üçin alynan nädogry önümler bedeniň
alyş-çalyş amallarynyň bozulmagyna sebäp bolup biler.

Dilnaza BEGOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 1-nji ýyl talyby