Beýik Ỳüpek ýoly Türkmenistanyň köp şäherleriniň üstünden geçip, beýleki
ýurtlar we halklar bilen aragatnaşyk etmäge mümkinçilik berip, özara
düşünişmeklige, medeniýetleriň aragatnaşygyna hyzmat edipdir. Alymlar
Merwden, Köneürgençden dürli ugurlara gidýän kerwen ýollarynyň ugruny jikme-
jik öwrendiler we ýoluň ugrundaky köpsanly kerwensaraýlary, guýulary,
sardoblary tapdylar. Olardan Daýahatyn kerwensaraýy, Aksaraý, Döwgala,
Ortaguýy, Akýaýla, Çilgümmez, Kelteminar duralgalary has oňat saklanyp
galypdyr. Türkmenistan döwlet Garaşsyzlygyny alandan soňra, ýurdumyzyň
gadymy ýadygärliklerini içgin öwrenmeklige giň ýol açyldy. ÝUNESKO-nyň
karary boýunça “Beýik Ỳüpek ýoly – düşünişmek ýoly” diýen maksatnama
esasynda döredilen halkara ylmy ekspedisiýa biziň döwletimiziň çäginde gadymy
kerwen ýollary bilen iki gezek (1989 we 1991 ý.) geçdi. Ekspedisiýa diňe bir
gadymy medeniýeti öwrenmek bilen çäklenmän, eýsem ýüpek ýolunyň döräli we
taşlanany bäri halklaryň durmuşynda bolup geçen özgerişler, dowam edýän däp-
dessurlar, ekologik ýagdaý, ýüpek ýoluny täze mazmunda dikeltmek meselelerini
öwrendi. Beýik Ỳüpek ýoly arkaly geçmişde hyzmatdaşlykda bolan ýurtlaryň
taryhyny täze nukdaýnazardan öwrenmek dünýä taryhyna we medeniýetine täze
goşant bolup hyzmat edýär. “Beýik ýüpek ýoly” diýlende, ýurdumyzyň goňşy we
alysdaky ýurtlar bilen syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklarynyň täze talaplara
laýyk ýola goýulmagyna düşünýäris. Tejen – Sarahs – Maşat demir ýolunyň,
Aşgabat – Garagum – Daşoguz demir we gara ýollarynyň, täze deňiz, howa
ýollarynyň açylmagy muňa aýdyň mysaldyr. Täze Galkynyş eýýamynyň uly
gurluşygy bolan Türkmenistan – Hytaý gaz geçirijisiniň açylmagy Beýik Ýüpek
ýolunyň özboluşly dikeldilmegidir. Beýik Ỳüpek ýolunyň taryhy dünýä
siwilizasiýasyna has ähmiýetli goşantlaryň biri bolup durýar. Bu ýol adamzat üçin
ajaýyp, deňi-taýy bolmadyk medeni gymmatlykdyr. Beýik Ỳüpek ýoly Garaşsyz,
baky Bitarap ýurtly türkmen halkynyň hem ýoludyr.
Döwletmyrat Tejenow,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş intitutynyň 2-nji ýyl talyby.

RU



