Stiwen Pol Jobs ( iňlisçe – Steven Paul Jobs) 1955-nji ýylyň 24–nji
fewralynda San–Fransiskoda (ABŞ) dogulyp, ony Pol we Klara Jobs ogullyk
edip alýarlar. Stiwiň hakyky ene–atasy Abdulfattah Jandali we Žoan Simsondyr.
Olar Stiwiň dünýä inen wagtynda Žoanyň maşgala ýagdaýlary sebäpli durmuş
gurup bilmeýärler. Stiwen Amerikan işewüri we oýlap tapyjysy. Ol “Apple”
korporasiýasynyň düýbüni tutujylaryň biri bolmak bilen, bu korporasiýa ençeme
ýyl ýolbaşçylyk edýär. Şeýle hem Jobs “Pixar Animation Studiosynyň”
esaslandyryjylarynyň biridir. 2006–njy ýylda “Pixaryň” “Walt Disney”
kompaniýasy tarapyndan satyn alynmagynyň netijesinde Stiw Jobs “Walt
Disneyiň” direktorlar geňeşiniň agzasy boldy. Stiw Jobs bilen Stiw Woznýak
“Apple” korporasiýasynyň düýbüni tutyp, şu günümizde ýokary hilli telefonlary,
planşetlary we başga tehnologiýalary döretmek bilen, adamlaryň ynamyna girip
bildiler. 1970–nji ýyllarda Stiw Jobs Stiw Woznýak we Maýkl Markkula bilen
bilelikde ilkinji şahsy kompýuterleriň biri bolan “Aplle II”–niň taslamasynyň
üstünde işläp, ony satuwa çykardy. 1985–nji ýylda“Apple” korporasiýasyndan
işden kowulýar. Soňra Stiwen Jobs “NEXT” atly ýokary okuw mekdepleri üçin
kompýuterr platformalaryny düzýän kompaniýanyň düýbüni tutdy. 1996–njy ýylda
“Apple” korporasiýasy “NEXT–i” satyn alýar we Jobs ýene-de “Apple–a” dolanyp
gelýär. 1997–nji ýyldan 2011–nji ýyla çenli ol“Apple” korporasiýasyna
ýolbaşçylyk etdi. Onuň ýolbaşçylygynda iMac, iPhone, iPod we iPad ýaly dünýäde
ulanyjylaryň söýgüsini gazanan önümler döredildi. Stiwen Jobs 2011–nji ýylyň
5–nji oktýabrynda aşgazanasty mäziň ragy sebäpli aradan çykýar.
Mamagül BEKTÄSOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 1-nji ýyl talyby