1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň
Baş Assambleýasynda “Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygy
hakynda” rezolýusiýa kabul edilipdi.
BMG-nyň şol wagtky agzalary bolan 185 döwlet Türkmenistanyň
Hemişelik Bitaraplyk derejesini biragyzdan ykrar edipdi.
Bitaraplyk binasy Gözel Aşgabadyň günortasynda
ýerleşýär.Gözelligi bilen, haýwanat dünýäsi bilen , sazlaşykly sergin
howasy bilen haýran galdyrýan Köpet dagyny synlamak üçin Bitaraplyk
binasynyň sergin giňişligi esasy ýerdir. Merjen şäheriň goýnunda dag
bilen şäheri çatyp, köprä meňzeş, gijelerine şähere aýratyn görk berýän
bu binanyň özboluşly arhitektura aýratynlygy bar.
Bitaraplyk binasy 1998-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň
Bitaraplygy almagy mynasybetli gurulan binadyr.
Binanyň täsin özboluşlylygy daşary ýurt syýahatçylaryny haýran goýýar.
Binanyň umumy boýy 83 metrden ybarat bolup, Türkmenistanyň ilkinji
prezidentiniň altyn heýkeli binanyň çür depesinde
ýerleşdirlendir.Heýkel baýdak bilen birlikde güne tarap aýlanmagyny
dowam edýändir.
Binanyň aýratynlygy onuň esasy girelgeleriniň içinden girip, şäheri
synlamaga we onuň içinde ýerleşýän gözellikleri syn etmäge, dynç
almaga mümkinçilik bardygydyr.
Gündogdy Baýlyýew
TDBGI-nyň talyby

RU












