Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistan diňe ylym-bilim pudagynda, milli ykdysadyýetde, medeniýetde, sungatda däl, eýsem, oba hojalyk pudagynda-da, täzeden-täze üstünliklere, ösüşlere eýe boldy. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda daşary ýurtlar bilen birnäçe oba hojalyk pudagyna degişli diplomatiki gatnaşyklar, ylalaşyklar ýola goýuldy. Muňa mysal edip ýaňy ýakynda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine özbek kärhanalaryndan oba hojalyk gurallaryny we traktor tirkeglerini hem-de bugdaý we gowaça ösdürip ýetişdirmekde ulanylýan himiki serişdeleri satyn almak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berilmegini alsak hem ýerlikli bolardy. Bu resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine 2022–2023-nji ýyllarda oba hojalyk gurallaryny hem-de traktor tirkeglerini satyn almak barada Özbegistanyň “Uzsanoateksport” paýdarlar jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine 2022–2025-nji ýyllar aralygynda 512 müň tonna fosforit ununy satyn almak barada Özbegistanyň “Navoiy Milling” we Himiýa önümlerini satyn almak barada “Uzkimyoimpeks” jogapkärçiligi çäkli jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berdi. Ýokarda görnüşi ýaly Hormatly prezidentimiz oba hojalyk pudagyny ösdürmek üçin uly aladalary edýär hem-de raýatlarymyza, daýhanlarymyza amatly şertleri döredip berýär.

Oba hojalyk pudagynda şeýle ösüşlere eýe bolmagymyzda bize dürli we amatly şertleri döredip berýän Milli Lidermiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

Maýsa KIÇIGULYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 208-nji toparynyñ talyby