Türkmen topragy münlerçe yyllaryn dowamynda dünya medeniyetinin umumy taryhy üçin ahmiyetli wakalaryn mesgeni boldy. Bu toprak ekerançylyk, maldar – çylyk, ylym, medeniyet we sungat sallançagy boldy.Gündogary   öwrenýän alymlaryň türkmen topragyna bolan gyzyklanmasy hiç wagt hem öz mazmunyny ýitiren däldir.

Alymlar bizin eýýamimizden 6 müň ýyl öň türkmenleriň ata – babalarynyň öňdebaryjy bilimleri özleşdirendigini nygtaýarlar. Irki ekerançylyk zamanasyndaky türkmen jemgyýetleri Garadepe, Göksüýri, Ýylgynly ýaly oturymly ýerleri – ajaýyp ýadygarlikleri miras goýdy. Gadymy oguz-türkmen döwleti, Parfiya zamanasy, seljuk türk­menleriniň döreden onlarça döwletleri, osman türkmen­lerinin soltanlyklary we beyleki türkmen döwletleri adamzadyn syyasy taryhynda özboluşly adalat baydagy bolup pasyrdady. Hut şonuň üçin hem Türkmenistany dünya taryhynyn ösüşinde Hytaýyň, Mesopotamiýanyň, Müsüriň hatarynda goýýarlar. Ata- babalarymyz dünya gymmatlyklarynyň arasynda özboluşly, milli öwüşgin bilen lowurdaýan ruhy we medeni baýlyklary bize miras galdyrypdyrlar.

Türkmen halkynyň gadymdan gözbaş alyp gaýdýan edebi akabalarynyň, sungat dapleriniň adalaty, erkinligi, agzybirligi, mertligi we bitewiligi wasp etmedik döwri bolan daldir. Bu gün şol asylly däpler biziň beýik Garaşsyzlygymyzyň beren süýji miweleri, röwşen ertiriniň mukaddes umytlary bilen birleşip, türkmen abraýynyň, mertebesiniň has-da belende göterilmegine hyzmat etmelidir.

Türkmen topragynyň iň taryhy ýerleriniň biri hem Merw bölegi , ýagny gadymy Baktriýanyň ýerleşen ýeri häzirki Mary Welaýatynyň baýramaly şäheriniň golaýyndaky Goňurdepe we beýleki ymaratlardyr. Arhitektura gurluşy boýunça islendik sungata gaýry dur diýýän gözelligi dünýä siwili

Medeni miras – bu perzendin üstünde kökenek geryan türkmen enesinin hüwdüsidir, agras türkmen gojasynyn pendi-nesihatydyr. Mukaddes topragy gany bilen goran gayduwsyz gerçegin in sonky demdaki wesy etidir, naçar doganyn gerçegin jesedini yuwyan ajy gözyaşydyr.

Medeni miras – bu türkmenin şan-şöhratdan doly geçmişine buysanjydyr, şu gününe söygüsidir, ertirine ynamydyr.

Medeni miras – bu gadymy hem müdimi halkymyzyn asyrlaryn dowamynda hoşalap çöplan payhas hakyda – sydyr, şu gününe ygtybarly ynamydyr, ertirine yol çelgisidir. Mahlasy, medeni miras türkmenin geçmişidir, barlygydyr, dowamatydyr.

Türkmen topragynyň gurluşygynyň arhitektura aýratynlygy bilen tapawutlanýan taryhy ýerleri sanardan köp. Şolaryň içinde birnäçesi bolsa, ÝNESKO-nyň sanawyna girdi. Bu bolsa, Halkara derejesinde kabul edilen üstünlikdir.

Halkara derejeli ähmiýet berilen topragymyzyň dünýäniň 180 döwlet tarapyndan ykrar edilen Bitaraplyk statusy bolsa, bu berlen bahanyň esasy çeşmesidir.

      Çünki Halkara bitaraplygyň netijesinde dünýä tanalan türkmne topragynyň bu günki gün dünýäniň iň irki ösen siwilizasiýon nokatlarynyň biri bolmagynyň hasaba alynmagy bolsa, halkara derejede ykrar edilen üstünlikdir. Bitaraplyk baýramynyň 26 ýyllygynyň bellenilýän wagtynda şeýle üstünlikleri agzaman geçmek bolmaz.

GUNÇA BAÝRAMOWA

TDBGI-nyň MUGALLYMY