“Zoluşka” aýdym-saz filminiň ilkinji suratlary, internet ulgamynda peýda boldy diýip, Deadline habar berýär.
Režissýor Keý Kennon meşhur ertekiniň häzirki zaman görnüşini surata düşürdi. Filmdäki baş keşbi Kamila Kabello ýerine ýetirdi, onuň surata düşürilýän meýdançadaky ýoldaşy Nikolas Golisyn – şazadanyň keşbiniýerine ýetirdi.
Ilki başda filmiň hukuklary Sony kompaniýasyna degişlidi. Emma lentany Amazon satyn aldy, indi proekt kompaniýanyň akym hyzmatynda görkeziler we teatrlaşdyryş bolsa çäklendiriler.
“Zoluşka”- hemmämiziň bilýän we söýýän klassikimiz, ýöne häzirki zaman, özboluşly sýužetyň öwrümleri, ajaýyp Kamila Kabello we ýyldyz artislar topary bilen bilelikde. Prodýuser Jeýms Korden we surata düşüriş topary, biziň iň gowy görýän ertekimizi bütin dünýäde tomaşaçylaryň göwnünden turjak täze we ylham beriji nukdaýnazardan täzeden okadylar “-diýip Amazon Studiosyň ýolbaşçysy Jennifer Solk aýdýar.