Ispaniýanyň “Barselona” toparynyň öňki oýunçysy Samuel Eto’o Kamerunyň futbol federasiýasynyň prezidentligine dalaşgärligini resmi taýdan yglan etdi. Saýlawlar 11-nji dekabrda geçiriler.

Eto’o Ispaniýanyň “Real”, “Barselona”, “Mallorka”, Italiýanyň “Inter” we “Sampdoriýa”, Angliýanyň “Ewerton” we “Çelsi”, Türkiýäniň “Antalýaspor” we “Konýaspor”, Kataryň “Katar SK” toparlary üçin klub derejesinde oýnady. 2011-2013-nji ýyllarda bolsa Makhaçkalanyň “Anži” toparynyň goragçysy boldy.

Kamerunly oýunçy Barselona we Inter toparlarynyň düzüminde Çempionlar ligasynda ýeňiji boldy, Ispaniýa bilen Italiýanyň çempiony boldy. Eto’o, Kamerunyň milli ýygyndysynyň taryhynda iň köp pökgi geçiren oýunçydyr (56 gol), milli ýygyndynyň düzüminde iki gezek Afrika Milletler Kubogyny gazandy, 2000-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlarynda altyn medal gazandy. Şeýle hem hüjümçi dört gezek Afrikanyň iň gowy futbolçysy diýlip saýlandy.Ol 2019-njy ýylyň sentýabr aýynda özüniň pensiýa çykjakdygyny mälim etdi.