Smartfon pudagynda tanymal maglumatçy Digital Station, 150Wt zarýad beriş tehnologiýasynyň ýakyn wagtlarda çykjakdygyny Hytaýyň Weibo sosial ulgamynda habar berdi. Ýakyn wagtda şular ýaly smartfonlaryň ilkinji seriýalarynyň önümçiligi başlanar.

120Wt tehnologiýasy bilen, takmynan 4500 mAh kuwwatlylygy bolan batareýalary 20 minutdan az wagtyň içinde 0-dan 100% -e çenli zarýad bermek mümkin. 150Wt tehnologiýasy umumy zarýad beriş wagtyny birnäçe minut gysgaldar.

Elbetde, bu güýç derejesinde, iň uly ünsi batareýanyň zyýan çekmezligine berilýär. Oppo we Xiaomi ýakynda 120Wt zarýad beriş çözgütleriniň 800 zarýad siklinden soň ýa-da iki ýylyň dowamynda batareýalaryň 20% zaýalanýandygyny habar berdiler.

Şemşat BALLYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 1-nji ýyl talyby