Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, elektron senagatyny ösdürmek, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň iň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek, innowasion, ýokary tehnologiýaly, bäsleşige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça netijeli işler amala aşyrylýar.
Bu möhüm işlere hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda» kabul eden Karary badalga berdi. Häzirki döwürde sanly ykdysadyýet adalgasy ykdysatçylaryň we bilermenleriň giňden ara alnyp maslahatlaşylýan meselesine öwrüldi.
Munuň esasy sebäbini köp ýurtlaryň ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryny, hususan-da, sanly maglumatlary ykdysadyýete ornaşdyrmagyň netijesinde uly öňegidişlikleri gazanmagy başarandyklary bilen
düşündirmek bolar. Çünki häzirki wagtda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge daşary ýurtlarda üns has-da artýar, sebäbi onuň islendik ýurduň durmuş-ykdysady ösüşini çaltlandyrmakda we ilatynyň ýaşaýyş derejesiniň ýokary hilini üpjün etmekde döredýän mümkinçilikleri örän uludyr.
Sanly ykdysadyýete geçmekde we maglumat jemgyýetini kemala getirmekde sanly başarnyklary has-da ýokarlandyrmaga aýratyn üns berilýär. Adam diňe bir bilimleri göteriji, hünär endiklerini toplaýjy bolmak bilen çäklenmän, eýsem döredijilikli başlangyçlara gatnaşmak arkaly olary ösdürýän güýje öwrüldi. Ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagy bilen, önümçiligiň ähli görnüşiniň taýýar önümi çykarmaga bolan ukybynyň artdyrylmagy, bazar hyzmatlarynyň köptaraplaýyn ýola goýulmagy we innowasion ösüşleriň düýbüniň tutulmagy, ilkinji nobatda, adam maýasyny yzygiderli kämilleşdirmäge gönükdirilen çäreleriň durmuşa geçirilmegine esaslanýar.
Daşary ýurt tejribesinden görnüşi ýaly, sanly tehnologiýalara daýanýan ykdysadyýete geçmek bellibir wagty, serişdeleri we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynda ýokary derejeli hünärmenleri talap edýär. Bu ugruň ösmegi üçin döwletiň, jemgyýetiň, bilimiň, ylmyň we işewürligiň gatnaşyklarynda özgertmeleriň amala aşyrylmagy hem zerur şertleriň biridir. Şunlukda, döwlet tarapyndan degişli kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlamak, häzirki zaman dolandyryş ulgamyny ösdürmek, ylmyň ösmegine döwlet goldawyny bermek ýaly meseleler öz möhümligi bilen tapawutlanýar. Täze tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmakda we döretmekde bilimiň, ylmyň aýratyn orun eýeleýändigini nazara alsak, onda alymlarymyzyň,
inženerlerimiziň we beýleki hünärmenlerimiziň öňünde jogapkärli, döwlet bähbitli wezipeleriň durandygyna göz ýetirmek bolýar. Diýmek, munuň özi ýurdumyzyň sanly ykdysady ösüşine ýokary okuw mekdepleriniň işjeň gatnaşmagyny hem şertlendirýär.
Türkmenistanyň bu ugurda öňdebaryjy ýurtlaryň hataryna goşulmagyny üpjün etjek ýollaryň, olary amala aşyrmagyň gurluşynyň dogry kesgitlenilmegi şeýle işleriň netijeli durmuşa geçirilmeginiň, netijede sanly gurşawyň kemala getirilmeginiň kepilidir. Sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ýerine ýetirilýän şol işlerde ýurdumyzyň dolandyryş ulgamy üçin ýokary derejeli häzirki zaman hünärmenlerini taýýarlamak zerurlygy hem ýüze çykýar.
Umuman, sanlyykdysadyýeti ösdürmekde daşary ýurtlaryň birnäçesinde toplanan tejribäniň öwrenilmegi, bir tarapdan, ylym we bilim ulgamlarynyň düýpli özgerdilmegini, elektron senagatynyň depginli ösdürilmegini, ylmy talap edýän önümçilikleriň döredilmegine işewürlerimiziň giňden çekilmegini talap edýär.
Sanly ykdysadyýetiň hereket etmegi jemgyýetiň, işewürligiň we hökümetiň bir wagtda sanlylaşdyrylmagyny şertlendirýär. Ykdysadyýeti sanlylaşdyrmagy ösdürmek depginleri ýurdumyzyň täze ykdysady döwri üçin işgärleri taýýarlamak we täzeden okatmak depginleri bilen aýakdaş gitmelidir. Sanly sowatlylyga bolan isleg jemgyýetiň senagat jemgyýetinden bilimlere esaslanan jemgyýete geçmegini nygtaýar. Sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy we ösdürilmegi maglumatlary alyşmagyň hasabyna bilimleriň kämilleşdirilmegine, ýokary tehnologiýaly pudaklarda täze döwrebap iş orunlarynyň döredilmegine giň mümkinçilikleri açýar. Şoňa görä-de, sanly gurşawa geçmekde esasy ugurlaryň biri hünärmen we ylym-bilim üpjünçiligini ösdürmek diýlip bellenilýär.
Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmekde öňde goýulýan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin programmaçylar, inženerler, tehnologlar ýaly hünärmenlere zerurlyk göz öňünde tutulyp, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň maksatnamalaryna täze ugurlary öwrenmek, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän hünärler boýunça hünärmenleri taýýarlamak bilen bagly wezipeler girizildi.
Dawut GOŞAÝEW,
Türkmenistanyñ Dowlet energetika institutynyn talyby