Gazet okamak, her bir adamda terbiýeçilik ähmiýetini üpjün edip biljek iň gowy endikdir. Ol okyjylara syýasat, ykdysadyýet, güýmenje, sport, işewürlik, senagat we söwda hakda maglumat berýär. Bu endik bilen diňe bir umumy maglumatlar baradaky bilimleriňizi artdyrman, eýsem, dil endikleriňizi we söz baýlygyňyzy ösdürip bilersiňiz. Köp adamda gündelik gazetleri okamak endikleri bar, olaryň irden gazetleri okamadyk günleri doly däl ýaly görünýär. Gündelik gazetleri okamak bilen gazanyp boljak käbir peýdalar:

Gazetler dünýä habarlaryny alyp barýarlar. Olar maglumat we umumy bilim berýär.

Gazetler ýurduň ykdysady ýagdaýy, sport, oýunlar, söwda we beýlekiler barada habar berýär.

Gazet okamak örän gowy endikdir we eýýäm häzirki durmuşymyzyň bir bölegidir. Bu endik dünýägaraýşyňyzy giňelder we bilimiňizi baýlaşdyrar.

Gazet okamak size wajyp habarlary berýär. Dünýädäki häzirki wakalar bilen baglanyşykly her bir çekişmä gatnaşmaga mümkinçilik berýär. Gazet okamak size diňe bir ýurduňyzdaky özgerişlere däl, eýsem, bütindünýädäki wakalara düşünmegiňize kömek eder.

Umuman, gazet okamak siziň bilimiňizi artdyrar we häzirki dünýä ýüzündäki syýasatdan, täzeliklerden habarly bolmagyňyza getirer. Onuň internet ulgamyndan ýa-da teleýaýlymlardan adam saglygy üçin has-da peýdalydygy üçin hem ol biziň durmuşymyzda hiç wagt özüniň gymmatyny ýitirmeýär.

Hatija BEKIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 118-nji toparynyñ talyby