Her bir güni beýik taryhy senelere öwrülýän eziz Watanymyzyň at-abraýy bu günki günde bütindünýäde dabaralanýar. Diýarymyzda halkara gatnaşyklar ulgamynda dost-doganlyk syýasatyň esasynda ýokary netijeli üstünlikler gazanylýar. Munuň özi ýurdumyzda beýleki ulgamlar bilen birlikde ykdysady ulgamda hem üstünlikli işleriň durmuşa geçirilmegine getirýär. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça halkara forumda sanly ulgam arkaly çykyş etmegi, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministrini kabul etmegi we onuň dowamynda alnyp barylan ikitaraplaýyn gepleşikler onuň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz forumda eden çykyşynda Türkmenistanyň bu foruma Ýewraziýada ykdysady hyzmatdaşlygyň strategik ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak we ösdürmek üçin möhüm halkara binýat hökmünde seredýändigini, şeýle hem Koreýa Respublikasy bilen üstünlikli özara bähbitli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň dowamy hökmünde garaýandygyny belledi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz Ýewraziýada ösüş ýagdaýlaryna işjeň gatnaşyjy bolmak bilen, Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça halkara tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen netijeli garaýyşlary we başlangyçlary goldaýandygyny nygtap geçdi. Munuň özi Koreýa Respublikasynyň «Täze Demirgazyk syýasaty» bilen Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» strategik ugry boýunça başlangyçlarynyň düýp mazmunyndan ybaratdyr. Bu iki maksatnama hem üpjünçilik ulgamlaryny, «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmek, energetika, ulag, ekologik howpsuzlyk, ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmek ýaly ugurlarda toplumlaýyn çäreleri öz içine alýar.

Şonuň ýaly-da, ýakynda hormatly Prezidentimiz Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministrini hem kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek babatda ikitaraplaýyn özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary barada bellenildi. Şeýle hem ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryň we düzümleriň çäklerinde üstünlikli guralýan döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň ýokary depginine aýratyn üns berildi.

Hormatly Prezidentimiz hem-de myhman syýasy, söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýa, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda döwletara gatnaşyklaryň strategik häsiýetini nygtap, dürli ugurlarda gatnaşyklary ösdürmek boýunça utgaşdyryjy edara hökmünde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň ornuny güýçlendirmegiň wajypdygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, özara maýa goýumlaryň netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhüm şertleriniň biri bolup durýandygy nygtaldy.

Şeýle-de, duşuşygyň barşynda iki goňşy döwletiň çäk taýdan ýerleşişiniň ýük daşamagyň amatly guryýer we deňiz ýollaryny, olaryň halkara ulag düzümine goşulyşmagyny üpjün edýän yklymara üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmekde tagallalary birleşdirmek üçin oňaýly şertleri döredýändigine üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri hormatly Prezidentimiziň bu ulgamdaky döredijilikli başlangyçlarynyň wajypdygyny hem-de ähmiýetlidigini nygtady. Elbetde, muňa Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjana bolan saparynyň barşynda gazanylan ylalaşyklar hem aýdyň mysaldyr. Şeýle duşuşyklaryň geçirilmegi sebitara gatnaşyklaryň we ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär.

Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmekde halkara gatnaşyklarynda alyp barýan şeýle netijeli işleri özüniň oňyn netijelerini görkezýär. Munuň özi Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň abraý-mertebesiniň has-da ýokary belentliklere eýe bolmagyna getirýär.

 Gurbanjemal ÖDEGURBANOWA,

          Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

               Halkara gatnaşyklary institutynyň

          Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby.