Ozal habar berlişi ýaly, ýakynda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň wekiliýeti Türkmenistanda iş saparynda bolup, jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda ýola goýlan işler, temmäkä garşy göreşmek, daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemeginiň adamyň saglygyna ýetirýän oňaýsyz täsirlerini azaltmak, COVID-19 ýokanjynyň öňüni almak boýunça görülýän çäreler bilen tanyşdy.
Wekiliýetiň agzalary Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetinde, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliklerinde, Weterinariýa gullugynyň merkezi barlaghanasynda bolup, tejribeleri paýlaşdylar hem-de Halkara Saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara kardiologiýa, newrologiýa, endokrinologiýa we hirurgiýa merkezleriniň, Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň, Gaýragoýulmasyz «Tiz kömek», Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezleriniň, Aşgabat şäheriniň 10-njy saglyk öýüniň, Halkara okuw-ylmy merkeziniň iş aýratynlyklary bilen tanşyp, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde talyplaryňdyr professor-mugallymlaryň öňünde çykyş etdiler.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde saparyň netijeleri boýunça guralan özara pikir alyşmalardan soňra, myhmanlar bu ugurdaky garaýyşlaryny türkmen metbugatynyň wekilleri bilen paýlaşdylar.
Iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan özgertmeleri netijesinde ýurtda sazlaşykly hereket edýän jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynyň kemala gelendiginiň şaýady boldylar. Saparyň dowamynda wekiliýetiň agzalary jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynyň düzüm birlikleriniň iş aýratynlyklary bilen ýakyndan tanyşdylar. Ilatyň saglygyny goramak ulgamynda döredilen pugta kanunçylyk binýady bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliligini şertlendirýändigini bellediler.
Tumar Akmuhammedowa
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň 2-nji ýyl talyby.

RU












