Türkmenistan halkara giňişlikde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary netijeli alyp barmak bilen, dünýäde parahatçylyk, howpsuzlyk we Durnukly ösüş maksatnamalaryna gönükdirilen bilelikdäki tagallalara özüniň mynasyp we saldamly goşandyny goşýar. Munuň hut şeýledigine döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlygy aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýolbaşçy düzümlerine saýlanmagy ýurdumyzda ýokary derejeli halkara forumlaryň we maslahatlaryň yzgiderli geçirilmegi onuň barha belentliklere göterilýän halkara abraýynyň hem-de öňe sürýän netijeli başlangyçlarynyň ählumumy ykrarnama eýe bolandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Durnukly ösüş maksatlary 2030-njy ýyla çenli adamzat we ýer şary üçin has oňaýly şertleri döretmegi maksat edinýän resminamadyr. Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlaryň ählisiniň bir agyzdan goldamagy bilen, 2015-nji ýylda kabul edilen bu maksatnama dünýäniň ähli sebitlerinde abadançylygy gorap saklamaga  we umumadamzat bähbitli öşüsleri gazanmaga gönükdirilendir. Bu maksatnamada dünýä ýüzünde ykdysady ösüşi gazanmak, saglygy goraýşy ýokarlandyrmak we sosial deňligi gazanmak, şol sanda daşky gurşawy gorap saklamak we howanyň üýtgemeginiň öňüni almak boýunça işleriň geçirilmelidigi nygtalýar.

Durnukly ösüş maksatlaryna diňe bir milli derejede däl, eýsem dünýä derejesinde uýgunlaşan ilkinji ýurtlaryň biri bolan Türkmenistan bu Maksatnamanyň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibini durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar hem-de bu işi ulgamlaýyn esasda alyp barýar. Türkmenistan Durnukly ösüş maksatnamasyna girýän möhüm wezipeleriniň deňeçer çözgüdini işläp taýýarlamak boýunça netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýar. Mälim bolşy ýaly, 2013 —2015-nji ýyllarda EKOSOS-nyň düzümine saýlanan ýurdumyz 2015-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen BMG-niň durnukly ösüş boýunça Bütindünýä sammitine taýýarlyk görmäge işjeň gatnaşdy.

BMG-niň möhüm Konwensiýalaryna we “Durnukly ösüş maksatlary” ýaly adamzat ähmiýetli beýleki resminamalaryna goşulan türkmen döwleti öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ygrarlydyr. Mälim bolşy ýaly, Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän we dünýäde parahatçylyk, howpsuzlyk hem-de abadançylyk bähbitli anyk teklipleri BMG tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Öňe sürlen başlangyçlaryň hatarynda Aşgabatda Merkezi Aziýa boýunça howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar babatda sebit merkezini açmak, BMG-niň Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak, Aral deňziniň sebiti üçin BMG-niň Ýörite maksatnamasyny taýýarlamak hakyndaky teklipler öz ornuny tapýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde milli, sebit we ählumumy ugurlaryň sazlaşygynyň möhümdigini belleýär. Gahryman Arkadagymyzyň durmuş-ykdysady we tebigaty goramak ulgamlarynda amala aşyrýan syýasaty BMG-niň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş babatda kabul eden Gün tertibi bilen baglanyşyklydyr.

Şäher gurluşygynda, oba hojalygynda, ýurdumyzy senagatlaşdyrmak boýunça taýýarlanan meýilnamalary amala aşyrmakda ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň ulanylmagy baş çelgi bolup durýar. Umuman, munuň özi Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň esasyny düzýär. Garagumda “Altyn asyr” Türkmen kölüniň gurluşygyny muňa mysal hökmünde görkezmek bolar. Bu möçberi hem-de ähmiýeti boýunça deňi-taýy bolmadyk taslama suw serişdelerini saklamak we daşky gurşawy goramak, diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýa sebitinde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek meseleleriniň umumy çözgüdine gönükdirilendir. Munuň özi biziň ýurdumyzda bu Maksatnama boýunça halkara bähbitli işleriň yzygiderli alnyp barylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Allaýar SEÝITLIÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary imstitutynyň talyby.