Amerikanyň Massaçusets ştatynyň ýaşaýjysy 2017-nji ýylda satuwlaryň
birinde gadymy stilde bezelen, owadan surat aldy. Ol surat üçin 30 dollar töledi.
Emma soň suratyň eýesi bir zada şübhelenip başlady we suraty ekspertiza bermek
kararyna geldi.
Birnäçe hünärmen suraty ekspertizadan geçirmek üçin garşy boldy, ýöne
Wenadaky Albertina muzeýinden Kristofer Metzger surat bilen gyzyklandy. Ol
birnäçe synag geçirdi we müşderini geň galdyrdy.
Çyzgynyň meşhur nemes suratkeşi Albreht Dureriň asyl nusgasydygy ýüze
çykdy.
Derňewlere görä, takmynan 1503-nji ýyllar töweregi "Otlyk kenarda, eli gülli
Bogoroditsa we çaga" akwarel üçin eskizi hökmünde döredilipdir.
Jemleýji synag entek gutarmady, bu suratyň takyk bahasynyň entek
ýokdugyny aňladýar. Şeýle-de bolsa, hünärmenler eskiziň bahasyny 50 million
dollar diýip çaklaýarlar.