Gyş miweleriniň biri hasaplanýan nar saglyga peýdalydygy üçin ençeme ýyl bäri dermanlyk miwe hökmünde hem ulanylýar. Häzirki zaman ylymlary nary ýüregiňizi goramaga kömek edip biljekdigini we hatda düwnük keseliniň hem öňüni alyp biljekdigini anykladylar.
Nar, galyň, gyzyl gabygy bolan süýji miwedir. Gabygyny iýip bolmaýan bolsa-da, ýönekeý iýip ýa-da salatlara, süle, humus we beýleki tagamlara sepip boljak ýüzlerçe şireli tohumy özünde saklaýar. Nar şiresi hem örän lezzetli bolup, onuň saglyga peýdasy örän uludyr.
Nar, adatça, agaçlarda ösdürilip ýetişdirilýär. Şeýle owadan hem-de datly miweleri berýän bu agaçlary ösdürip ýetişdirmek üçin ýeterlik ýylylyk zerurdyr. Nar esasan, ýakyn Gündogarda we käbir Aziýa ýurtlarynda, şeýle-de ABŞ-da hem ösdürilip ýetişdirilýär. Onuň köp bölegi Kaliforniýada öndürilýär. Nar miweleriniň saklanylyş möhleti sentýabr aýyndan noýabr aýyna çenli, ýöne olaryň uzak saklanyş möhleti, adatça ýanwar aýyna çenlidir.
Narlar witaminlere we ýokumly maddalara baýdyr. Geçirilen gözlegler, naryň gan basyşyny peseltmek we gandaky şeker derejesini azaltmak ýaly ýüregi köp tarapdan gorap biljekdigini öňe sürdi.
Süýji keseli boýunça ilkinji gözlegler, nar şiresini içip başlan 2-nji görnüşli süýji keseli bolan adamlaryň insuline garşylygy gowulaşandygyny görkezdi. Nar, süýji keseli bolmadyk adamlara sagdyn agramyny saklamaga hem kömek edip biler.
Käbir gözleglerde nar, prostata, döş, öýken we içegäniň düwnük keselleriniň öňüni almakda täsirli boljakdygyny görkezýär. Mundan başga-da, haýwanlar barada geçirilen takyk gözlegler nar iýmegiň öýkeniň, deriniň, içegäniň we prostat çişleriniň ösmegine päsgel berip biljekdigini görkezdi.
Täze nar süýümiň çeşmesidir, ol horlanmagy, holesterini peseltmegi we iç gatamagy ýeňilleşdirip biler. Mundan başga-da, narlar Folate, K witamini, E witamini, B6 witamini, Kaliý ýaly peýdaly maddalara hem baýdyr.
Bägül GARRYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 1-nji ýyl talyby