Kitaby ýüregiňizden eý görüň! Ol diňe bir oňat dost bolman, siziň baky
ynamdar hemraňyzdyr.
M. Şolohow.

***

Eger awtor kitabynda bolmaly zady göwnejaý berip bilen bolsa, onda onuň
kitaby oňat kitapdyr.
Aristotel.

***

Elime oňat kitap düşen wagty men öz durmuşyma bir ajaýyp zady gürrüň
berýän, janly bir zadyň aralaşandygyny syzýaryn. Medeniýetli adamy
terbiýelemek üçin iki güýç has şowly hyzmat edýär: sungat hem ylym. Bu
güýçleriň ikisem kitaplarda jemlenýär. Özümdäki gowy häsiýetleriň hemmesi
üçin men kitaba minnetdar.

Maksim Gorkiý.

***

Kitap-adamzat bilimleriniň çesmesi, şeýle hem adamzadyň güýjüniňem
çesmesidir. Köp okan, bilimli adam durmuşda yzagalak, medeniýetsiz adamlara
garanyňda juda köp zatlary başarar.

M. Isakowskiý.

***

Kitapsyz jahan-gijedir, kitapsyz-daş-töwerek tümlükdir.
W. Gýugo.

***

Ylym kitaplaryň netijesi bolman, kitap ylymlaryň netijesi bolmalydyr.
F. Bekon.

***

Kitap-ynsan göwnüniň dünýäni synlaýan aýnasydyr. Kitapsyz jaý, penjiresiz
otagdan enaýy däldir.

R. Wilson.

***

Okyjyda: “Şunuň ýaly kitaby men hem ýazyp bilerdim” diýen pikiri döredýän
kitaplar iň oňat kitaplar hasaplanylýar.
B. Paskal.

***

Gowy kitaby ilkinji gezek okanymyzda, biz täze dost tutunan ýaly bolýarys. Öň
okan kitabymyzy gaýtadan okanymyzda bolsa, köne dostumyza sataşan ýaly
bolýarys.
F. Wolter.

Taýýarlan: Döwletmyrat Tejenow,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň Maliýe fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.