Malaýziýanyň Premýer-ministri Mahathir Mohamad resmi sapar bilen türkmen paýtagtyna geldi. 27-nji oktýabrda Aşgabatda ýokary derejede türkmen-malaýziýa gepleşikleri geçiriler, onuň netijeleri boýunça döwletara gatnaşyklaryna täze kuwwatly itergi bermäge we iki tarapyň hem bähbitlerine laýyk gelýän özara hereketiň mümkinçiliklerini oňaýly durmuşa geçirmäge ýardam etmäge niýetlenen resminamalaryň birnäçesine gol çekmek meýilleşdirilýär, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Mälim bolşy ýaly, Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary bilen köpugurly hyzmatdaşlyk etmek ýylsaýyn uly ähmiýete eýe bolýar, bu bolsa milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanylan daşary syýasat ugrunda öz beýanyny tapdy.
Häzirki döwürde türkmen-malaýziýa gatnaşyklary barada
aýdylanda,
soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda kemala gelen netijeli
gatnaşyklaryň özeninde iki döwletiň özara bähbitli hyzmatdaşlygyny
pugtalandyrmaga bolan gyzyklanmasy durýar.
Aşgabatda geçiriljek
şu gezekki gepleşikleriň çäklerinde türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygynyň ileri
tutulýan esasy ugurlary kesgitlener we uzakmöhletleýin, deňhukuklylyk, iki
dostlukly ýurduň milli bähbitlerini hem-de durmuş-ykdysady ösüşiniň ilkinji
nobatdaky wezipelerini nazara almak bilen, uzakmöhletleýin esasda guralýan
köptaraplaýyn döwletara gatnaşyklaryna täze kuwwatly itergi berler.