28-nji noýabrda – Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) döredilen gününde, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Aşgabatda YHG-nyň agza-döwletleriniň ýolbaşçylarynyň 15-nji Sammiti geçirildi.
Nobatdaky Sammite YHG-nyň agza-ýurtlarynyň, hususan-da Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Pakistanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň Döwlet hem-de Hökümet ýolbaşçylary gatnaşdylar we çykyş etdiler.
YHG-nyň mejlisine gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentini YHG-nyň 15-nji Sammitiniň Başlyklygyna saýladylar.
Sammitiň barşynda çykyş edip, Türkmenistanyň Baştutany ýurduň Gurama başlyk etmeginiň çäklerinde öňe süren hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny beýan etdi we türkmen tarapynyň bu forumyň geçirilmegini oňa gatnaşýan-ýurtlaryň ykdysady, söwda-maýa goýum, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky özara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen möhüm çäre hökmünde kabul edýändigini belläp geçdi.
Forumyň barşynda çykyş eden YHG-na gatnaşyjy-ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlary, şeýle-de YHG-nyň Baş sekretary bu Sammitiň Guramanyň giňişliginde alnyp barylýan sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan derwaýys ugurlary boýunça oňyn çözgütleriň kabul edilmegine itergi beren netijeli meýdança bolandygyny belläp geçdiler.
YHG-nyň 15-nji Sammitiniň netijeleri boýunça Jemleýji resminama kabul edildi.
Soňra YHG-nyň baýraklaryny gowşurmak dabarasy geçirildi, onuň dowamynda Guramanyň agza-döwletleriniň wekilleri «ylym we tehnika», «ykdysadyýet», «taryh, medeniýet we şekillendiriş sungaty» hem-de «oba hojalygy we daşky gurşaw» ugurlary boýunça Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň ýörite baýraklaryna mynasyp boldular.
Garaýew Gurbangylyç
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň 1-nji ýyl talyby.