1995-nji ýylyň 12-nji dekabry mähriban Watanymyzyň taryhynda ýatdan çykmajak şanly sene hökmünde halkymyzyň hakydasyna altyn harplar bilen baky ýazyldy we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýanyň esasynda, 185 agza döwletleriň biragyzdan goldamagy netijesinde, hemişelik Bitarap döwlet diýen halkara hukuk derejesi berildi. Ine, şol taryhy seneden soň, ýurdumyza dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barmaga giň ýol açyldy. Diýarymyzyň Bitaraplyk ýörelgesine esaslanýan başlangyçlarynyň uly goldawa eýe bolmagy hoşniýetlilige, parahatçylyga esaslanýan daşary syýasat ugrumyzyň halkara bileleşigi tarapyndan ykrar edilmegidir. Gahryman Arkadagymyzyň aýratyn nygtaýşy ýaly, Türkmenistan bu gün dünýäde abraýly we hormat goýulýan döwletdir hem-de ol sebit durnuklylygynyň we howpsuzlygynyň aýgytlaýjy bölegini düzýär.
Türkmen halkynyň başyna Döwlet guşy gonup, dünýäniň genisi hasaplanýan beýik akyldarymyz, dana Magtymguly atamyzyň “Bir suprada taýýar kylynsa aşlar, Göteriler ol ykbaly türkmeniň” diýip, arzuwlap geçen eýýamy geldi bu gün. Hakykatdan hem, halkymyzyň ykbaly göterilip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýä ýüzünde ykrar edilip, älem-jahana özüniň parahatçylykly we dostlukly ýörelgeleri esasynda täze dogan Gün bolup nuruny eçildi.
Hormatly Prezidentimiz hem ajaýyp kitaplarynyň biri bolan “ Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly kitabynda biziň döwletimiziň oňyn Bitaraplyk hukuk ýagdaýynda onuň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen taryhy hakydasy, psihologiýasy, milli aň-düşünjesi öz beýanyny tapandygyny belläp geçýär. Açyklyk we hoşniýetlilik, myhmansöýerlik we beýleki milletlere hormat goýmak diňe bir goňşy halklaryň medeniýetine, däp-dessurlaryna hormat goýmakda däl-de, eýsem olaryň ylymda we sungat äleminde gazanýan üstünliklerine guwanýandygynda hem ýüze çykýandygyny we bu häsiýetler bolsa, biziň milli aýratynlygymyza hemişe mahsusdygyny nygtaýar.
Şeýle-de, şol kitabynda Gahryman Arkadagymyz öňümizde goýýan örän çylşyrymly meselelere hem-de wehimlere jogap tapjak bolsaň, taryha we jemgyýetiniň durmuşynyň ruhy tarapyna nazar aýlamasaň bolmaýandygyny we halkymyzyň taryhda sungatyň güýji bilen parahatçylygy durmuşymyza ornaşdyrandygyny, kynçylykly meseleleri asuda ýol bilen çözüp bilendigini jaýdar belleýär. Şonuň esasynda Şükür bagşynyň keşbine ýüzlenmek bilen ondaky edebi gahrymanyň durmuşa has ýakyndygyny, onuň parlamentiň wekiliniň, gepleşikleri geçirijiniň we diplomatyň keşbidigini aýdyp geçýär. Bu ýerde gürrüň meseleleri güýç ulanyp çözmegiň garşysyna ýaraga daýanyp däl-de, eýsem, parahatçylykly serişdeleri ulanyp, ýeňiş gazanmak we maksada ýetmegiň möhümdigi açylyp görkezilýär. Hormatly Prezidentimiz bu kitabynda biziň ata-babalarymyz bolan gunlaryň-da, beýik Oguz türkmen döwletiniň-de şeýle parahatçylykly ýollar esasynda diplomatik usullary ulanandygyny jaýdar belleýär.
«2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen ýylymyzda hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllygyny dabaraly ýagdaýda toýlamaga taýýarlyk işleri gyzgalaňly ýagdaýda alnyp barylýar. Mundan başga-da Watanymyzda baky Bitaraplygymyzyň esasynda alyp barýan daşary syýasatymyzy dünýä ykrar etdirmek we ony halkara gatnaşyklarynda ýurdumyzyň ornuny has-da berkitmek maksady bilen birnäçe işler durmuşa geçirilýär. Häzirki döwürde Durnukly Ösüş Maksatlarynyň wajyp ugurlary hormatly Prezidentimiz tarapyndan Türkmenistany 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna girizildi. Bu buýsandyryjy wakalar Türkmenistanyň daşary syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylýan ykrarnamasydyr.
Bitaraplygyň we asudalygyň mekany bolan eziz watanymyz – Türkmenistany şeýle belent sepgitlere ýetiren, ony dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmekde möhüm ähmiýetli maksatnamalary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy dik, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleri uly rowaçlyklara beslensin. Goý, mähriban Diýarymyz mundan buýana-da uly rowaçlyklara beslensin!
Yslam TYLLANUROW,
TDBGI-niň Inžener mehanika fakultetiniň uly mugallym.